Sepleriň elýeterliligi

Obama ukrain prezidenti bilen duşuşar


Ak tam Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň 4-nji iýunda Warşawada Ukrainanyň üç gün ozal saýlanan, emma entek resmi taýdan işe başlamadyk prezidenti Petro Poroşenko bilen duşuşjagyny aýdýar.

Birleşen Ştatlaryň prezidentiniň resmi taýdan işe başlamadyk döwlet baştutany bilen duşuşmagy adaty bir zat däl.

Poroşenko Ukrainanyň nobatdaky prezidenti hökmünde 7-nji iýunda kasam kabul etmeli.

Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisiniň Strategiki aragatnşyklar boýunça orunbsary Ben Rodes (Ben Rhodes) 30-njy maýda Polşanyň Krym tatarlarynyň käbir liderlerini hem indiki hepde boljak duşuşyga çagyrandygyny aýtdy.

Ak tam Obamanyň indiki hepde Ýewropa edýän saparynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmak planynyň ýokdugyny habar berdi.

Ýogsam bu liderleriň ikisem Fransiýada Normandiýa goşun girizilmeginiň ýatlama gününe gatnaşmagy planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG