Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Heýgel: 'Hytaýyň dawasy durnuklylygy bozýar'


ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Heýgel
ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Heýgel
Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Çak Heýgel (Chuck Hagel) Pekiniň Günorta Hytaý deňzindäki territorial dawasy regiondaky durnuklylygy bozýar we halkara düzgünine wehim salýar diýdi.

Heýgel 31-nji maýda, Singapurdaky halkara howpsuzlyk konferensiýasynda çykyp gürläp, haçanda Hytaý «gorkuzmagy» ulanyp, gözegçiligi çäklendirýän «birtaraply herekete ýüz urýan» we halkara düzgünlerine göz ýumýan wagtynda, Birleşen Ştatlar muňa «başgaça garamaz» diýdi.

Şeýle-de Heýgel Hytaýy internet içalyçylygynda aýyplady.

Onuň goranmak ministrleriniň, harby resmileriň, diplomatlaryň, harby ekspertleriň öňünde aýdan sözleri ABŞ-nyň iki hepdeden hem az wagt mundan öň Hytaýyň bäş sany harby ofiserini amerikan kompaniýalaryndaky kompýuterlerden söwda syrlaryny ogurlamak üçin hakerlik etmekde aýyplamagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Hytaýyň bir ýokary derejeli harbysy Heýgeliň bu sözlerine gaharly jogap berip, ony «wehim döretmekde» aýyplady.

Hytaý goşunynyň baş ştabynyň başlygynyň orunbasary Wang Guanzhong Heýgeliň sözlän sözi «Aziýa sebitini durnuksyzlyga öjükdirmeden» doly boldy diýdi.

Heýgeliň sözlän sözünden soň Hytaýyň resmi Sinhua habar gullugy Birleşen Ştatlary Aziýada dartgynlyklary ýokarlandyrmakda aýyplady.

Şu arada Orsýetiň Federal geňeşiniň halkara meseleleri komitetiniň başlygy Mihail Margelow Birleşen Ştatlaryň delegasiýasynyň howpsuzlyk forumyndaky çykyşlaryny Orsýet babatda «takatly» diýip häsiýetlendirdi.

Margelow Heýgeliň sözlän sözünden soň Singapurda ITAR-TASS habar gullugyna Heýgel Ukraina krizisi babatdaky «rus-amerikan dawalaryna içgin üns bermedi» we «Orsýet barada tankydy beýanatlardan gaça durdy» diýdi.

Emma muňa garamazdan, Heýgel forumda Orsýetiň Ukrainadaky agressiw hereketleri NATO ýaranlaryny tijendiren «hakykat zaňy» boldy diýdi.

Şeýle-de Heýgel Orsýetiň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegi we ukrain serhedinde goşun ýerleşdirmegi NATO ýurtlaryny özleriniň goranyş býujetlerini ýokarlandyrmak barada pikirlenmäge mejbur etdi diýdi.

Heýgeliň sözlän sözi esasan Birleşen Ştatlaryň Aziýa-Ýuwaş okean sebitindäki howpsuzlyk aktiwlerini gaýtadan deňagramlaşdyrmaga gönükdirildi.
XS
SM
MD
LG