Sepleriň elýeterliligi

Türkmen futbolçylary näme üçin ýeňilýär?


Türkmen futbolçylary.

Türkmen futbolçylary.

Geçen hepdäniň ahyrynda Türkmenistanyň milli futbol komandasy Aziýa futbol konfederasiýasynyň kubogynda aýry-aýrylykda Owganystandan we Filippinlerden utuldy. Türkmen komandasy Owganystandan 3-1 we Filippinlerden 2-0 hasap bilen ýeňildi.

Bu barada türkmen metbugatynda resmi habar berilmedi. Emma türkmen futbol komandasynyň treneri Rahym Gurbanmämmedow türkmen komandasynyň Filippinler bilen geçiren ýaryşyndan soň, “ABS-CBN” habar websahypasyna beren maglumatynda Filippinleri gutlap, “Ýaryşyň birinji ýarymynda biziň futbolçylarymyz olara aýdan zatlarymyzyň ählisini etdiler. Ýöne ikinji ýarymda olar köp ýalňyşlary goýberdiler” diýip, “bu ýaryşyň türkmen komandasy üçin şowly bolmandygyny” aýtdy.

Türkmen treneri bu ýaryşyň türkmen komandasy üçin şowly bolmandygyny aýtsa-da, türkmen futbolçylary mundan öňki “AFC 19” atly ýaryşlarda hem ýeňiş gazanyp bilmändiler.

Eýsem, ýaryşlarda türkmen futbol komandasynyň Owganystan ýaly ýakynda döredilen komandalardan hem utulmagyny, halkara ýaryşlarda üstünlik gazanyp bilmezligini siz nämede görýärsiňiz? Bu ýagdaýy üýtgetmegiň ýoly ýa-da ýollary nämede?

Öňümizdäki hepde Täze Tolkun gepleşigimizde şu tema barada gürrüň ederis. Bu baradaky garaýyşlaryňyzy gepleşigimize gatnaşyp beýan etmek isleseňiz, biziň hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň. Garaýyşlaryňyzy aşakdaky teswir bölüminde hem galdyryp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG