Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: Dutaryň kädisi


Turkmenistan -- Art exibition in Ashgabat. Turkmen dutar, 2011.

Turkmenistan -- Art exibition in Ashgabat. Turkmen dutar, 2011.

Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň degişmelerinden

“Paraşýutsuz bök”

Bir gezek Türkmenistanyň halk ýazjylary Berdi Kerbabaýew bilen Towşan Esenowa samolýotda bile uçupdyr. Atmosferanyň dykyz gatlagyna düşende samolýot deňagramlygy ýitirip çaýkanýar. Uçuşda bolýan bu ýagdaýa näbelet Berdi aganyň ýüzüniň terzisi üýtgeýär. Onüň gorkup ugranyny aňan Towşan bajynyň (ýazyjylaryň onuň adyny tutuşy) göhi gelýär.

Ol: “Berdi, ýadyňa düşýärmi, Ýazyjylar birleşiginde birinji gezek çykyş edenimde “Men çeper eser-de ýazýan, gelin-gyzlaryň arasynda ilkinji bolup paraşýutly bökdüm” diýenimi ýaňsa alanyň. Şol gezek “Paraşýutly böküp bilmegiň oňat zat. Eýsem-de bolsa, edebiýatyň üstüne düşmegiň bolmandyr” diýipdiň. Samolýot çaýkanyp ugrady, heläkçilige uçramagy ahmal. Uçarmanlara ýalbar-ýakar edip, paraşýut alaýyn. Paraşýutly bök, sen-ä halas bolarsyň, il-günem nämäniň üstüne düşeniňi görer” diýip, ýerinden turmakçy bolýar.

Towşan bajynyň henegini çyn saýan Berdi aga: “Eýsem-de bolsa, Towşan, uçarmanlara dileg salma. Paraşýutly bömäge gorkýan” diýýär.

Bu Towşan bajynyniň garaşýan jogaby eken. Ol: “Berdi, paraşýutly bökmäge gorkýan bolsaň, paraşýutsyz bök” diýipdir.

Dutaryň kädisi

Bir gezek bagşy Mustak Aýmet Aşgabada telewideniýede çykyş etmäge gelende, şahyr Allaberdi Haýydowyň öýüne myhman düşýär. Agşamara Allaberdi aganyň öýüne bagşyň Aşgabatda ýaşaýan ildeşleri üýşýär. Bagşy olara aýdym aýdyp berýär.

Bagşynyň dutaryny geň galyp synlan şahyr Gurban Çöliýew “Mustak aga, siziň dutaryňyzyň kädisi beýleki bagşy-sazandalaryňkydan has uly. Sebäbini düşündirsene” diýipdir.

Mustak aga: “Gurban jan, Jeýhunyň gaýra kenarynda ýaşaýan doganlarymyzdan toý çagylygy gelende, beýleki kenara ýüzüp geçmäge käwagt gaýyk tapylmaýar. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda dutarymyň kädisine münüp, beýleki kenara ýüzüp geçýän” diýip, onuň sowalyna degşip jogap beripdir.

Göwni kir-kimirsiz Gurban Çöli “Berekella, bagşy aga!” diýip, degişmä çyny bilen ynanypdyr.


Pyhy tagana ýaşamak kyn

XX asyryň 60-njy ýyllarynyň aýagynda ýerli gepleşikleri alyp görkezmek üçin Nebitdag şäherinde teleantennanyň (telediňiň) gurluşygyna başlaýarlar. Ol daşdan seredeniňde nebit skawžinasyna-da meňzeýän eken.

Telediňiň taýyn bolan uçurlary nebitdagly şahyr Pyhy Tagan Aşgabada gelýär. Tanyş-bilişleri “Il-günüň ýaşaýyş mydary oňatmy?” diýip soraýar.

“Türkmennebit” birleşiginde suratçy bolup işleýän, nebit-gaz senagatyna belet Pyhy Tagan degişip:

“Hökumet halys yzyndan ýetdirene meňzeýär. Barsagelmezdäki, Goturdepedäki, Gumdagdaky, Wyşkadaky nebit skawažinalaryny az görüp, Nebitdagyň-da orruk ortasynda nebit skwažinasyny oturtdy. Entek nebit çykanok. Çykmawersin, ozalam howamyz dem alar ýaly däl” diýýär.

Adamlar degişmä güp ynanýar. Nebitdaglylara haýpy gelip edilýän gürrüň tutuş paýtagta ýaýraýar.

Üç gün soňra gazetde “Nebitdagda telediň guruldy. Surata düşüren Pyhy Taganow” diýen ýazgy bilen surat çap bolýar.

Adamlar “Hökümet hakykaty halkdan gizläp, haýsydyr bir telediňiň suratyny gazetde çap etdi. Suratyň aşagynda adyňy goýmasaň, türmä basarys” diýip, Pyhyny gorkuzypdyrlar. Pyhy Tagan ýaly hakykaty aýdyp bilýäne ýaşamak kyn” diýip, gürrüň edipdir.

Toplan Amanmyrat Bugaýew.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG