Sepleriň elýeterliligi

Amerikan esgeri ýaraşyk çäginde azat edildi


 Bowe Robert Bergdahl

Bowe Robert Bergdahl

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama amerikan goşunynyň seržanty Bowe Bergdahlyň – Owganystandaky «Talyban» jeňçileri tarapyndan bäş ýyl ýesirlikde saklanan esgeriň boşadylandygyny aýdýar.

Ol Guwatanamo Beýdäki ýokary derejeli «Talyban» tussaglaryny Katar hökümetiniň ygtyýaryna geçirmek baradaky ylalaşygyň çäginde azat edildi.

Obama adminstrasiýasynyň uly derejeli resmisi 31-nji maýda owgan tussaglarynyň Katar hökümetine geçirilmeginiň Owganystan üçin “has giň ýaraşyk çarçuwasynyň” bir bölegi bolup, muňa Kataryň hem gatnaşýandygyny aýtdy.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Owgan gullugynyň habar bermegine görä, «Talyban» gepleşikçileri 2013-nji ýylda Guwantanamoda saklanýan esasy talyban şahslarynyň Bergdahl bilen çalşylyp, Katara geçirilmegini soradylar, şonda ol tussaglaryň “Talybanyň” Katardaky syýasy edarasy arkaly owgan parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşyp biljegi aýdyldy.

Hamid Karzaýyň garşylygy

Emma geçen ýyl, owgan prezidenti Hamid Karzaý beýle çärä garşy çykandan soň, bu ylalaşygyň arasy üzüldi, «Talybanyň» Katardaky diplomatik edarasy bolsa ýapyldy.

31-nji maýda Katara geçirilen bäş owganyň içinde “Talyban” režiminiň esasy şahslaryndan dört, «Hakkani» jeňçi topary bilen ilteşikli hasaplanýan bir adam bar.

Obama 31-nji maýda, Bergdahl azat edilenden soň, «Katar hökümeti bize özüniň biziň milli howpsuzlygymyzy goramak babatda çäre görjegine kepillik berdi» diýdi.

Obama sözüni dowam edip, ýene şeýle diýdi: “Birleşen Ştatlar, öňe ümzük atyp, owgan ýolbaşçylygyndaky ýaraşyk prosesini goldamagy dowam etdirer, onsoň bu özbaşdak we birleşen Owganystanyň içinde kynlyk bilen gazanylan parahatçylygy berkitmäge kömek eder.»

"Talyban" "hoşwagt" boldy

Owganystanda «Talyban» bir beýanat çap edip, özleriniň bäş owgan tussagynyň Katara geçirilmegini «uly hoşwagtlyk» bilen garşy alandyklaryny aýtdylar.

Ak tamyň uly derejeli resmisi Waşingtonda žurnalistlere bu bäş tussagyň ählisiniň Kataryň kontrollugyndadygyny, olaryň hereketlerine we işlerine çäklendirme giriziljekdigini aýtdy.

Şeýle-de ol resmi Waşingtonyň «Guwantamadaky islendik tussagy, eger onuň Birleşen Ştatlara salyp biljek howpy mazaly gowşadylýança we diňe biziň adamkärçilikli çemeleşmek syýasatymyza laýyk gelýänçä başga ýere geçirmejegini» nygtady.

Ol Bergdahlyň azat edilmegi baradaky gepleşikleriň uzak wagt bäri ileri tutulandygyny we birnäçe hepde mundan öň, Kataryň emiriniň hut özüniň ygrarlylygy bilen, bu gepleşikleri dikeltmek mümkinçiliginiň dörändigini aýtdy.

Ol şeýle diýdi: «“Talybanyň” syýasy komissiýasy bilen göni bolmadyk, emma üstünlikli gepleşikleri geçirmek arkaly, tussaglaryň bu geçirilişi has giň ýaraşyk çarçuwasynyň bir bölegi boldy.»

Möhüm "Talyban" kadrlary

Katara geçirilen dört owgan tussagy möhüm talyban kadrlary bolup, olar 2001-nji ýylyň aýagynda ýa-da 2002-nji ýylyň başynda, «Talyban» režimi agdarylandan soň, amerikan güýçleri tarapyndan ýesir alnypdy.

Olaryň içinde «Talyban» režiminiň içeri işler ministri bolan Khairullah Khairkhwa hem bar we ol degişlilikde aram hasaplanýar.

Olaryň arasynda «Talyban» režiminiň goranmak ministriniň orunbasary bolan Mohammad Fazl; «Talyban» režimi mahalynda Balh welaýatyna ýolbaşçylyk eden Mullah Norullah Noori; «Talybanyň» aňtaw-maglumat gullugynyň başlygynyň orunbasary we hereketiň esaslandyryjy agzasy Abdul Haq Wasik hem bar.

Bäşinji owgan tussagy Mohammad Nabi «Talybanda» az roly bolan, emma “Hakkani” jeňçi topary bilen ilteşigi bolmagy ahmal adam hasaplanýar.

Bergdahlyň indiki kynçylygy

Bergdahl yslamçy jeňçiler tarapyndan Owganystanyň Paktika welaýatynda, 2009-ny ýylyň 30-njy iýunynda, ähtimal «Hakkani» guramasynyň «Talyban» bilen ilteşikli söweşijileri tarapyndan ýesir alnaly bäri saklanyldy.

Pentagon resmisi Bergdahlyň 31-nji maýda Kabulyň demirgazygyndaky Bagram howa bazasynda medisina barlagyndan geçirilenden soň, has gowy medisina bejergisi üçin, 1-nji iýun güni irden Birleşen Ştatlaryň Germaniýadaky harby bazasyna ugradyljagyny aýtdy.

Onuň kakasy Bob Bergdahl Waşingtonda žurnalistlere oglunyň uzak wagtlap tussaglykda bolandygyny we indi onuň iňlisçe geplemek kynçylygynyň bardygyny aýtdy.

Obama Kataryň hökümetine we owgan wekillerine Bergdahlyň boşadylmagyna beren goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG