Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde dikuçar ýykyldy


Orsýetiň Murmansk sebitinde bolan dikuçar heläkçiliginde iki adamyň aman galandygy, 16 adamyň bolsa tapylmaýandygy aýdylýar.

MI-8 dikuçary 31-nji maýda giçlik Orsýetiň demirgazyk-günbataryndaky Murmansk sebitinde, Wostoçnoe Munozero obasynyň golaýynda, kölüň içine ýykylypdyr.

Ilkibaşda dikuçaryň üstünde 19 adamyň bolandygy aýdylypdy. Ýolagçylaryň şahsyýetleri resmi taýdan kesgitlenmedi.

Ýöne olaryň arasynda uly derejeli regional ýolbaşçylaryň, telekeçileriň, şol sanda Apatit dökün kompaniýasynyň direktorynyň bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG