Sepleriň elýeterliligi

Eýran jezany ýerine ýetirdi


Eýran bosgunlykdaky oppozisiýa toparlary bilen ilteşiklilikde aýyplanan adamy asyp öldürdi.

Ýogsa halkara guramalary Yslam respublikasyna bu jezany togtatmak barada basyş edipdi.

Eýranyň resmi mediasy Golamreza Hosrawi Sawajaniniň 1-nji iýunda asylyp öldürilendigini habar berdi.

Resmi IRNA habar gullugy Sawajaniniň 2010-njy ýylda, Mujahedine-Halk toparyna pul geçirýändigi we kömek berýändigi üçin ölüme höküm edilendigini aýtdy.

Şeýle-de habarda Hosrawiniň 1980-nji ýyllardan bäri birnäçe gezek tutulandygy we ençeme ýyly türmede geçirendigi aýdyldy.

Mujahedine-Halk topary Yslam respublikasyny agdarmaga çalyşýar. Adam hukuklary toparlary, şol sanda Amnesty International Hosrawiniň 2010-njy ýyldaky suduny adalatsyz diýip atlandyrdy.

Eýran, BMG-niň maglumatlaryna görä, Hytaýdan soň, ölüm jezasyny köp ýerine ýetirmekde ikinji orunda dur.
XS
SM
MD
LG