Sepleriň elýeterliligi

Modi öňki agenti maslahatçy edindi


Hindistanyň täze saýlanan premýer-ministri Narendra Modi milli howpsuzlyk geňeşçiligine ozalky agenti, Pakistan bilen işleşmek meselesinde ýyllap tejribe toplan adamy seçdi.

Modiniň Ajit Dowaly bu wezipä bellemegi onuň Pakistan babatda ozalky adminstrasiýa garanda has gujurly syýasat ýöretjegini aňladýar.

Dowal howply terror hereketlerine garşy alyp baran işleri bilen tanalan we köp sylag-hormata mynasyp bolan ofiser.

Ol jeňçi toparlara garşy berk çäreleriň görülmegini öňe sürýär.

Modi Hindistanyň iş başyndan gidýän hökümetini milli howpsuzlyk meselesinde gowşaklyk etmekde aýyplady.
XS
SM
MD
LG