Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir prezidentligiň iki eýesi duşuşýar


Diňe Orsýet we başga-da birnäçe döwlet tarapyndan ykrar edilen ýurduň prezidentligine dalaş edýän iki adam 1-nji iýunda duşuşyp, öz syýasy krizisleri barada maslahat edýär.

Aleksandr Ankwab bilen Waleriý Bganba, iki dalaşgäriň ikisi hem özleriniň Abhaziýanyň, Gürjüstandan bölünip aýrylan separatist regionyň prezidentidigini aýdýar.

Orsýet bu ýerde 2008-nji ýylyň awgustynda Gürjüstana garşy bolan gysga wagtlyk uruşdan bäri harby güýçlerini saklaýar.

Ankwab, regionyň de fakto prezidenti Orsýetiň harby bazasyny penalaýar. Ol bu ýere 27-nji maýda, oppozisiýa protestçileri hökümetiň işden çekilmegini talap edip, edarasyna zabt edenlerinden soň gaçyp atdy.

Ankwab parlamentiň ynam bildirmezlik boýunça beren sesini we onuň işden çekilmegi baradaky çagyryşyny ykrar etmeýär.

Parlament binasyny kontrollukda saklaýan oppozisiýa 31-nji maýda parlament spikeri Bganbany wagtlaýyn prezidentlige saýlady we 24-nji awgustda irki prezident saýlawlaryny geçirmegi belledi.
XS
SM
MD
LG