Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Moskwa täze prezidenti ykrar etmeli'


Ukraina 2-nji iýunda Ukrainanyň, Moskwanyň we Ýewropa Bileleşiginiň resmileriniň gatnaşmagynda gaz bergileri we nyrh barada bolmaly gepleşiklerden öň, Orsýetiň täze saýlanan prezident Petro Poroşenkony ykrar etmelidigini aýdýar.

Iş başyndaky daşary işler ministri Andriý Deşçitsia Orsýet 25-nji maýdaky prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan Poroşenkony bu wagta çenli ykrar etmelidi diýdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin saýlawdan öň ukrain saýlawçylarynyň erk-islegine «hormat goýmagy» wada berdi.

Emma muňa derek, Deşçitsianyň aýtmagyna görä, Moskwa dünýä döwletlerini Poroşenkonyň ýeňşini ykrar etmezlige yrmaklyga gönükdirilen giň gerimli informasiýa kampaniýasyna başlady.

Günbatara tarapdar Poroşenko ýeňiş gazanandan soň, gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistleriň pitneçiligi has-da ýygjamlaşdy.

Emma hökümet güýçleri 31-nji maýda, Donetsk aýerportuna edilen iki pitneçi hüjümini, ýitgi çekmezden, yzyna serpikdirmegi başardylar.

ÝHHG 31-nji maýda geçen hepde separatistler tarapyndan tussag edilen iki gözegçiler toparyndan şindi hem habar ýokdugyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG