Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzly boksçy altyn medal utdy


16 ýaşly daşoguzly boksçy Mahammet Berdibaýew Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda, Haýdar Alyýew adyndaky kubogy almak ugrunda boks boýunça geçirilen XII halkara bäsleşikde ýetginjekleriň arasynda ýeňiji bolup, altyn medal utdy.

Ol 57 kg agramda çykyş etdi. Ilkinji iki bäsleşikde ol Gürjüstandan we Gazagystandan gelen boksçylar bilen bokslaşdy.

Soňra bolsa ol orsýetli boksçy bilen güýç synaşyp, ýeňiji boldy.

Ol geçen ýyl Gazagystanda Aziýada ýetginjekleriň arasyndaky birinjilik ugrunda geçirilen ýaryşda hem bürünç medal alypdy.
XS
SM
MD
LG