Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Türkmenler sapardan nämä garaşýar?


Türkiýäniň we Türkmenistanyň baýdaklary

Türkiýäniň we Türkmenistanyň baýdaklary

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Türkiýä iki günlük resmi saparyna başlady. Türkmen mediasyna görä, 2-5-nji iýun aralygynda geçirilýän bu saparyň dowamynda iki ýurduň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ençeme ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar. Emma Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasynda şu günki gün bar bolan problemalaryň biri bolan zähmet migrasiýasy we bikanun migrasiýa temasynyň ýokary derejeli gepleşiklerde maslahat edilip-edilmejegi barada habar berilmedi.

Türkiýe Türkmenistanyň raýatlarynyň gazanjyň gözleginde iň köp gidýän ýurtlarynyň biridir, emma türkmen zähmet migrantlarynyň sany barada resmi maglumat berilmeýär.

Şu günki gün Türkiýede ýaşaýan we zähmet çekýän türkmenler nähili kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar? Azatlyk Radiosy bu sowaly Türkiýede işläp ýören türkmenlere berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG