Sepleriň elýeterliligi

​Kabulda üç türk inženeri öldürildi


Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda janyndan geçen hüjümçi üç türk inženerini öldürdi.

Nangarhar welaýat häkiminiň metbugat wekili Ahmad Zia Abdulzaýyň sözlerine görä, 2-nji iýunda motosiklli bombaçy türk gurluşyk kompaniýasynyň işgärlerini Behsud etrabyna alyp barýan miniawtobusy nyşana alypdyr.

Gürrüňi edilýän partlamada ýene bir sany türk inženeri ýaralandy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç bir topar öz üstüne almady.

Gürrüňi edilýän waka barada Türkiýäniň Kabuldaky ilçihanasynyň resmilerinden henize çenli maglumat alyp bolmady.
XS
SM
MD
LG