Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Täjigistanda bir okuwçy öldürildi


Täjigistanda “Odnoklassniki.ru” sosial ulgamyndaky onlaýn gürrüňdeşlik döwründe möwjän düşünişmezlik bir adamyň öldürilmegine sebäp boldy.

Täjigistanyň Bilim ministrliginiň adyny aýtmakdan saklanan metbugat wekili 2-nji iýunda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda 30-njy maýda Duşenbe şäherindäki orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysynyň pyçaklanyp öldürilendigini aýtdy.

Resmileriň berýän maglumatyna görä, hüjüm sosial ulgamda nämälim tema boýunça iki okuwçynyň arasynda dörän jedelden soň, amala aşyrylypdyr.

2-nji iýunda Täjigistanyň bilim ministri Nuriddin Saidow gürrüňi edilýän iki okuwçynyň okaýan Sino etrabyndaky 66-njy mekdebe bardy. Ol bu waka barada mugallymlar we okuwçylar bilen gürrüňdeşlik geçirdi.
XS
SM
MD
LG