Sepleriň elýeterliligi

​Bişkek: Amerikan raýaty höküm edildi


Gyrgyzystanda Birleşen Ştatlaryň raýaty dört ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Bişkegiň Swerdlow etrap sudunyň 2-nji iýunda Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 1985-nji ýylda Kaliforniýanyň Monterre şäherinde doglan amerikan raýaty Brendon Kornelius (Brandon Cornelius) huligançylykda günäli tapylypdyr.

Kornelius Birleşen Ştatlaryň Bişkegiň Manas halkara aeroportyndaky tranzit merkeziniň işgäridir. Gyrgyzystanyň polisiýasy Korneliusyň polisiýa ofiserine hüjüm edendigini aýdansoň, ol mart aýynda tussag edilipdi.

Maglumata görä, gürrüňi edilýän polisiýa ofiseri ýerli zenanyň şikaýatlaryndan soň Korneliusy soraga çekmäge synanyşypdyr. Şonda zenan Korneliusy özüne pul berip, onuň bilen jynsy gatnaşykda bolmaga zorlandygyny öňe sürüpdi.

Gyrgyz polisiýasy Korneliusyň soraga çekilen mahaly serhoşdygyny we polisiýa merkezindäki stoly döwüp, polisiýa ofiseriniň egin-eşigindäki resmi nyşany sypyrandygyny aýdypdy. ABŞ tarapyndan bu mesele hakda henize çenli hiç hili beýanat ýayradylmady.
XS
SM
MD
LG