Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Özbek aktiwisti türmeden boşadyldy


Özbegistanyň adam hukuklaryny goraýan tanymal aktiwisti tussaglyk möhletiniň tamamlanmagyna alty aý galanda türmeden boşadyldy.

Düýbi Daşkentde ýerleşýän “Ezgulik”, ýagny “Rehim” atly adam hukuklaryny goraýan merkeziň agzasy Abdurasul Hudoýnazarow 1-nji iýunda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda ynsanperwer meseleleriň çäginde 30-njy maýda azatlyga goýberilendigini aýtdy.

58 ýaşyndaky Hudoýnazarow Daşkent regionynyň çägindäki Angren şäheriniň ýerli resmileriniň arasyndaky korrupsiýany derňemäge işjeň gatnaşypdy.

Hudoýnazarow 2005-nji ýylyň iýun aýynda tussag edilipdi we Daşkendiň regional sudy ony bidüzgünçilikde we galplykda günäli tapansoň, 2006-njy ýylyň ýanwar aýynda 9 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Ol tussaglykda mahaly inçekesel bilen keselledi.

2008-nji ýyldaky maglumatlara görä, Hudoýnazarow özüniň saglyk bejergisiniň amala aşyrylmazlygyna protest bildirmek maksady bilen öz janyna kast etmäge synanyşypdyr.
XS
SM
MD
LG