Sepleriň elýeterliligi

Söweşijiler ukrain bazasyna hüjüm etdiler


Ukrainanyň serhet gullugy Russiýa tarapdary ýüzlerçe söweşijiniň Luhansk regionyndaky harby bazalaryň birine hüjüm edendigini habar berýär.

Ukrain serhet gullugynyň maglumatyna görä, 2-nji iýunda söweşijiler gürrüňi edilýän lagere girmäge synanyşandan birnäçe sagat geçendigine garamazdan, wakanyň ýüze çykan ýerinde heniz hem çaknyşyklar dowam edýär.

Maglumatda wakada azyndan bäş söweşijiniň öldürilendigi we başga-da sekiz sanysynyň ýaralanandygy aýdylýar. Şeýle-de, çaknyşyklarda ýedi serhet gullukçysynyň ýaralanandygy we käbirleriniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy habar berilýär.

Ukrainada täze çaknyşyklaryň jeňçileriň gözegçiligindäki Donetsk regionynyň goňşusy Slowýansk şäherinde hem bolandygy bellenilýär.
XS
SM
MD
LG