Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Siriýa: Partlamada 10 adam öldi


Siriýanyň döwlet metbugaty ýurduň Homs welaýatynyň merkezinde bolan ulag partlamasynda azyndan 10 adamyň öldürilendigini habar berýär.

Siriýanyň döwlet telewideniýesiniň berýän maglumatyna görä, 2-nji iýunda bolan partlamanyň netijesinde daş-töwerekdäki ençeme ýaşaýyş jaýyna uly zeper ýetipdir.

Maglumatda partlamany amala aşyrmakda “terrorçylar” aýyplanýar. Siriýanyň hökümeti prezident Başar al-Assady häkimiýetden agdarmaga çalyşýan jeňçileri “terrorçylar” diýip atlandyrýar.

Gürrüňi edilýän partlamanyň bolan territoriýasyna hökümet güýçleri kontrollyk edýärdi.
XS
SM
MD
LG