Sepleriň elýeterliligi

​Eýran Pars aýlagynda parahatçylygy ündeýär


Eýranyň ýokary dini ýolbaşçysy Aýatolla Ali Hameneýi Pars aýlagyndaky goňşularyna has gowy gatnaşyklary saklamaga çagyryş etdi. Ol regional howpsuzlygyň “regionyň ähli ýurtlarynyň arasyndaky gowy gatnaşyklara baglydygyny” belledi.

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň Hameneýä salgylanyp berýän maglumatyna görä, bu barada ýokary dini ýolbaşçy Kuweýtiň emiri Şeýh Sabah Al Ahmad Al Sabah bilen 2-nji iýunda Tähranda eden duşuşygynda belläpdir.

Şeýle-de, ol duşuşykda Eýran bilen Kuweýtiň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň täze tapgyryna başlamak baradaky umydyny mälim edipdir.

Maglumata görä, duşuşykda iki ýurduň arasynda alty ylalaşyga gol goýlupdyr.
XS
SM
MD
LG