Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýa gaz akdyrýan üçünji turba işe girdi


Merkezi Aziýanyň gazyny Hytaýa akdyrýan üçünji turba işe girizildi. Hytaýyň milli nebit kärhanasynyň maglumatyna görä, 31-nji maýda Türkmen gazyny Özbegistanyň üsti bilen Hytaýa akdyrýan bu turba işläp başlapdyr.

C liniýasy diýlip hem atlandyrylýan we 1830 kilometr uzynlygyndaky bu turbadan 2015-nji ýyldan başlap her ýylda 25 milliard kubometr gaz akdyrylmagyna garaşylýar.

Şol gazyň 10 milliard kubometri Türkmenistandan, 10 milliard kubometri Özbegistandan we 5 milliard kubometri Gazagystandan üpjün ediler.

A we B liniýalary 2009-njy we 2010-njy ýyllarda işe girizilipdi. Merkezi Aziýanyň gazyny Hytaýa akdyrýan bu turbalardan häzirki wagtda her ýyl 28 milliard kubometr gaz akdyrylýar.

2015-nji ýyla çenli Merkezi Aziýadan her ýyl 55 milliard kubometr gazyň Hytaýa akdyrylmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG