Sepleriň elýeterliligi

Gündogar Ukraina: Güýçli söweş gidýär


Ukrainanyň gündogarynda Slowýansk we Kramatorsk şäherleriniň daşynda ýene söweşleriň başlanandygy barada habar berilýär. Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakow Slowýanskyň golaýynda “örän güýçli ok atyşygyň dowam edýändigini” 3-nji iýunda Faceebokda ýazdy.

Awakow Ukrainanyň harby ulaglarynyň Orsýete tarapdar gozgalaňçylaryň granata atýan ýaraglarynyň okuna tutulandygyny aýtdy.

2-nji iýunda Luhanskda administratiw binada gozgalaňçylar tarapyndan amala aşyrylan partlama zerarly azyndan iki adam heläk boldy.

“Interfaks” agentligi ýerli saglygy saklaýyş resmisine salgylanyp, bu wakada ýedi adamyň heläk bolandygyny habar berdi. Gozgalaňçylar partlamanyň hökümet güýçleriniň howadan uran zarbasynyň netijesi bolandygyny aýtdylar.

Kiýew muny ret edýär we gozgalaňçylaryň howa atýan raketasynyň ugrunyň nädogry bolandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG