Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak aktiwisti tussaglykda açlyk yglan etdi


Gazagystanyň tanymal adam hukuklaryny goraýjysy Wadim Kuramşin ýurduň demirgazygyndaky tussaghanada açlyk yglan etdi.

Kuramşiniň aklawçysy Dmitriý Baranowyň 2-nji iýunda öz müşderisiniň ýanyna baryp gaýdansoň AÝ/AR aýtmagyna görä, Kuramşin başga tussaghana geçirilmegini we özüne medisina kömeginiň berilmegini talap edýär. Kuramşin özüni urmak we kemsitmek üçin koloniýanyň administrasiýasynyň beýleki tussaglary ulanýandygyny aýdýar.

Kuramşin Gazagystanyň tussaghanalarynda bendilere garşy zorluklar barada maglumat ýaýratmak bilen tanymal.

Kuramşin 2012-nji ýylyň dekabr aýynda hilegärlikde aýyplanyp, 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Bu işiň syýasy sebäpler bilen baglydygy hasap edilýär. Dekabr aýynda Kuramşin adam hukuklary boýunça abraýly halkara baýragy bilen sylaglandy.
XS
SM
MD
LG