Sepleriň elýeterliligi

Putin oligarhlary sylaglady


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň biznesmenleriň we döwlet kompaniýalarynyň liderleriniň ençemesine olaryň fewral aýynda Soçide geçirilen gyşky olimpiýa oýunlaryna goşan goşandy üçin medal gowşurandygy habar berilýär.

Orsýetiň “Wedomosti gazetiniň” 3-nji iýunda Kremldäki çeşmesine salgylanyp habar bermegine görä, mart aýynyň aýagynda Putin tarapyndan sylaglananlaryň arasynda “Gazpromyň” başlygy Alekseý Miller şeýle-de Oleg Deripaska we Wiktor Wekselberg ýaly oligarhlar hem bolupdyr.

Putiniň metbugat-wekili Dmitriý Peskow bu sylaglaryň köpçülige mälim edilmänliginiň sebäbini düşündirmekden boýun gaçyrdy.
XS
SM
MD
LG