Sepleriň elýeterliligi

​Çeçenistan: Köpçülikleýin keselçilik derňelýär


Russiýanyň Çeçenistan respublikasynyň resmileri ýurduň Nožai-Ýurt etrabyndaky köpçülikleýin keselçiligi derňeýär.

Ýerli resmiler Işhoý-Ýurt obasynyň 109 sany ýaşaýjysynyň, şol sanda 26 çaganyň keselhana ýerleşdirilendigini aýdýar.

Çeçenistanyň saglyk ministri Şahid Ahmadow (Shakhid Akhmadov) 4-nji iýunda beren maglumatynda keselçilige takyk nämäniň sebäp bolandygyny aýtmak üçin heniz ir diýdi. Bu aralykda çeçen paýtagty Grozniýniň ilatyna krantdan akýan suwy içmezlik üçin mikrofon bilen duýduryş berildi.

Muňa garamazdan, Çeçenistan respublikasynyň prezidenti Ramzan Kadyrow bolsa, gürrüňi gidýän keselçilige hapalanan suw üpjünçilik turbalarynyň sebäp bolandygy baradaky aýyplamalary çürt-kesik ret etdi.

Şeýle-de, Kadyrow wakanyň derňelmegi üçin Çeçenistanyň premýer-ministri Abubakar Edelgeriýewiň ýolbaşçylyk etmeginde ýörite komissiýa düzdi.
XS
SM
MD
LG