Sepleriň elýeterliligi

​Pakistan: Hüjümde iki ofiser öldi


Pakistanyň Rawalpindi şäherinde janyndan geçen hüjümçiniň partladyjy serişdelerini harby ulagyň golaýynda ýarmagy netijesinde ýurduň howpsuzlyk gullugynyň azyndan iki ofiseri öldürildi.

Öldürilen bu iki ofiser Pakistanyň Pudagara aňtaw gullugynyň (ISI) işgäridi.

Käbir maglumatlarda aýdylşyna görä, harby ulag ýol düzgünlerine görä, gyzyl çyra ýananda ýolda saklanan mahaly bombaçy dilegçilik eden bolup ulaga ýakynlaşypdyr.

Pakistanyň harby pudagyna hüjümler ýygy-ýygydan amala aşyrylýar, ýöne gürrüňi gidýän bu hüjüm Yslamabadyň, ýurduň Owganystan bilen araçäginde ýerleşýän tire-taýpalar regionynda söweşijilere garşy operasiýalary başlatmagynyň yzýanyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG