Sepleriň elýeterliligi

Obama Poroşenko gowy baha berdi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Ukrainanyň prezidenti wezipesine saýlanan Petro Poroşenko-a “kynçylykly döwür” diýip atlandyran wagtda Ukraina ýolbaşçylyk etmek üçin “paýhasly saýlanyp alnan” adam diýip baha berdi.

Şeýle-de, Obama “Birleşen Ştatlaryň diňe öňümizdäki günlerde ýa aýlarda däl, eýse, öňümizdäki ýyllarda hem ukrain halkynyň arkasynda durmaga doly meýillidigini” belledi.

4-nji iýunda Warşawada Poroşebko bilen geçiren duşuşygyndan soň, habarçylara beren maglumatynda Obama iki lideriň Ukrainanyň harbylaryny we hukuk goraýjy organlaryny türgenleşdirmäge Waşingtonyň nähili kömek edip biljekdigi hem-de Kiýewiň energetika babatynda Russiýa garaşlylygyny azaltmagyň ýollary barada pikir alyşandygyny aýtdy.

Obama bilen Poroşenko Polşada geçirilen ilkinji demokratik saýlawlaryň 25 ýyllygyny bellemek dabarasyna gatnaşmak üçin Warşawa bardylar.
XS
SM
MD
LG