Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen suratçysy ýogaldy


Tanymal fotožurnalist Nurýagdy Oraznepesow 71 ýaşynda tarpa-taýyn aradan çykdy.

Ol 1943-nji ýylda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda doglup, paýtagtda bedenterbiýe ugrundan ýokary bilim alýar, çeperçilik uçilişesini tamamlaýar.

Nurýagdy Oraznepesow suwda oýnalýan pöki boýunça köp ýyllap Türkmenistanyň ýygyndy komandasynyň hatarynda bolýar, suwda halas edijilik işleri bilen meşgullanýar, Aşgabatdaky çeperçilik uçilişesinde, Medeni aň-bilim tehnikumynda studentlere sapak berýär.

Nurýagdy Oraznepesow «Diýar» we «Saglyk» žurnallarynda fotožurnalist bolup işläp, halk içinden alnan suratlary bilen giň meşhurlyk gazandy. Hususan-da ol döredijilik adamlary, hudožnikler bilen ýygy aragatnaşyk saklap, olaryň işleri barada makalalar hem ýazardy.

Nurýagdy Oraznepesowň ajy habaryny Azatlyk radiosyna ýetiren intelligensiýa wekilleri onuň talantly, şol bir wagtda hem örän pozitiw pikirli adam bolandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG