Sepleriň elýeterliligi

Warşawa Waşingtona öňe çyk diýýär


Polşanyň prezidenti B.Komorowski (ç) we ABŞ-nyň prezidenti B. Obama, 4-nji iýun. 2014.

Polşanyň prezidenti B.Komorowski (ç) we ABŞ-nyň prezidenti B. Obama, 4-nji iýun. 2014.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň 3-nji iýunda Polşa eden sapary bu ýurduň entek sowet blogunyň agzasy bolup galýarka, ilkinji bolup köppartiýaly erkin saýlawlary geçirmeginiň 25-nji ýyllygyna gabat geldi. Bu sene Polşa bir tarapdan Günbatar ýaranlygyna, hususan-da ABŞ-a kommunistik sistemany agdarmakda eden ýardam sebäpli minnetdarlyk bildirmek üçin ulanylan bolsa, beýleki bir tarapdan ýene-de köp işleriň edilmelidigini ýatlatmak üçin hem pursat boldy.

Polşanyň resmileriniň Barak Obamany “men size şeýle diýipdim-ä” diýip garşy aljagyna garaşmak kyn. Emma olary munuň üçin ýazgarmak kyn.

ABŞ-nyň prezidenti 2011-nji ýylda Warşawa eden soňky saparynyň dowamynda Polşanyň resmilerini olara Wladimir Putiniň golastyndaky Orsýetiň gowşan howpundan goranmak üçin Günbataryň harby kömeginiň mundan beýläk gerek bolmajagyny aýdyp, ynandyrmaga çalşypdy.

Üç ýyldan soň, Orsýetiň Ukrainanyň içki işlerine ýaragly gatyşmagy bilen baglylykda, ýagdaý düýpgöter özgerdi. Polşa özüniň ilkinji erkin we köppartiýaly saýlawlarynyň 25-nji ýyl dönümini bellänsoň, Polşanyň resmileri we ýönekeý raýatlary ABŞ-nyň Gündogar Ýewropa gaýtadan üns bermegini isleýäne meňzeýärler.

“Men umumy global ýagdaý zerarly örän aladalanýaryn” diýip, 22 ýaşly student Piotr Paszynski aýdýar. “Häzirki wagtda köp zat üýtgeýär we munuň bir tarapy Ukraina bilen bagly. Meniň pikirimçe, Putin köp adamyň gözüne çöp atdy, dünýäniň bolsa muňa hiç zat edip bilmeýändigi aladalandyrýar”.

Polşanyň paýtagtynyň beýleki ýaşaýjylary hem şuňa meňzeş aladalaryny mälim edýärler.

“Men Orsýetden biraz howatyrlanýaryn we biziň NATO agzadygymyza begenýärin, sebäbi bu biziň howpsuzlygymyzy üpjün edýär” diýip, 44 ýaşly Artur Apostolowisz aýtdy. Şeýle-de ol “men Obamanyň gelýändigine begenýärin, sebäbi bu bize üns berilýändigini görkezýär” diýdi.

Polşanyň 1989-njy ýylda geçirilen wajyp ses berişliginiň ýyl dönümini bellemekden daşgary Obama Warşawa eden saparyndan Ukraina goldaw bildirmek üçin hem peýdalandy. Obama Ukrainanyň ýaňy saýlanan prezidenti Petro Poroşenko bilen duşuşdy we Krymyň tatar aktiwisti Mustafa Jemilewi ýokary derejede sylaglamak boýunça geçirilen dabara gatnaşdy.

“Käbirleri taryhyň yza öwrülýändigini aýdýarlar we biz Ýewropada ähli partnýorlaryň arasynda parahatçylykly partnýorlygyň boljagy barada sada pikir etmeli däl” diýip, Polşanyň daşary işler ministriniň Ýewropa syýasaty we Adam hukuklary boýunça orunbasary Henryka Mosiska-Dendys (Henryka Moscicka-Dendys) aýtdy.

Şeýle-de Polşanyň resmisi: “Ukrainada bolan ýagdaýlar bizi öz howpsuzlygymyz barada täze şertlerde pikirlenmäge mejbur edýär. Bu Ýewropada we transatlantik gatnaşyklarda täze pikirleri talap edýär. Meniň pikirimçe, biziň çözüldi ýa-da ähmiýeti gaçdy diýip aradan aýran, meselem berk howpsuzlyk ýaly meselelerimiz, ýene gün tertibine dolanyp geldi”.

“Sesimiz eşidildi”

Ukraina bilen gadymy we çylşyrymly umumy taryha eýe bolan Polşa soňky alty aýyň dowamyndaky wakalar bilen bagly uly aladalanma bildirýär. Polşa 1989-njy ýylda ilkinji erkin saýlawlary geçireli bäri 25 ýylyň öten-de bolsa, öz taryhy üstünliklerine buýsanmagyny dowam etdirýär.

25 ýyl mundan ozal Polşa we Ukraina Sowet Soýuzynyň bölegi bolup, ikisi-de ösüşden yza galan ýurtlardy. Häzirki wagtda Polşa Ýewropa Bileleşiginiň we NATO-nyň başarjaň agzasy we onuň umumy içerki önümçiligi Ukrainanyňkydan üç esse ýokary.

“Biz indi Gündogar Ýewropanyň hiç kim tarapyndan diňlenmeýän, möhümi az ýurdy däl” diýip, Polşanyň “Gazeta Wyborsa”(Gazeta Wyborca) atly neşiriniň daşary gatnaşyklar boýunça žurnalisti Bartosz Wielinski aýdýar. Ol geçen ýylyň noýabrynda Ukrainada Ýewromaýdan protestleri başlanaly bäri Ukrainanyň polşaly neşirleriň baş sahypalaryndan düşmän gelýändigini aýdýar.

Polşa ABŞ-a we Ýewropa Bileleşigine Ukraina boýunça bütewi syýasat ugrunda itergi bermekde esasy rol oýnaýar.

Warşawanyň Ukraina ünsi güýçlendirmegi Polşanyň ABŞ bilen adatça berk gatnaşyklaryna kölege salypdy. Polşa başda Waşingtonyň Ukrainadaky krizise haýal-ýagal reaksiýa görkezmeginden kanagatsyzlyk bildirdi. Polşanyň öňki prezidenti Leh Walensa Obamanyň halkara meselelerde “ýolbaşçylyk taýdan kemçiligi” bilen baglanyşykly lapykeçlik bildirdi.

Şol bir wagtda-da Polşa Obamanyň Orsýetiň garşysyna sanksiýalary girizmek kararyndan ruhlanyp, Brýusselden indiki ädimleri ätmegi talap edipdi. Polşanyň resmileriniň ABŞ-nyň liderini Orsýetiň garşysyna dürli sanksiýalary we çäklendirmeleri güýçlendirmäge ündejekdigine şübhe ýok

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG