Sepleriň elýeterliligi

​“Talyban” Bergdalyň ABŞ tabşyrylyşyny görkezdi


“Talyban” hereketi ABŞ-nyň esgeri Bowe Bergdalyň ABŞ-nyň Owganystanyň gündogaryndaky güýçlerine tabşyrylmagyny görkezýändigine ynanylýan 17 minutlyk wideo ýazgy ýaýratdy.

31-nji maýda Bergdal Birleşen Ştatlaryň “Guantanamo Baý” harby türmesinde saklanylýan “Talybanyň” bäş sany tussagyna çalşyryldy.

“Talybanyň” ýaýradan täze wideosynda Bergdalyň ak ulagda oturandygy görünýär. Şeýle-de, wideoda Bergdaly alyp gitmek üçin baran Birleşen Ştatlaryň dikuçary görnüp başlan mahaly, ýaragly söweşijileriň baýryň eteklerinde ýerleşendigi görünýär. Dikuçar ýere gonan mahaly Bergdal özüni alyp gaçanlaryň ýolbaşçylygynda dikuçardan çykan üç adama gowşurylýar.

Bergdal duşman söweşijiler tarapyndan Owganystanda saklanylan ýeke täk amerikan esgeridir. Ol 2009-njy ýylyň iýun aýynda alnyp gaçylypdy. Obamanyň administrasiýasy Bergdal bilen “Talyban” tussaglarynyň çalşyrygy barada öňünden maglumat bermäni üçin ABŞ-nyň esasy kanunçykaryjylaryndan ötünç sorady.
XS
SM
MD
LG