Sepleriň elýeterliligi

​Daşkent: Fransuz instituty ýapylýar


Özbegistandaky Fransuz instituty 30-njy iýundan başlap ýurtdaky öz işini togtatjakdygyny habar berýär.

Fransiýanyň Daşkentdäki ilçihanasynyň 3-nji iýunda ýaýradan beýanatynda institutyň işini togtatmak baradaky karara özbek ýolbaşçylarynyň haýyşy esasynda gelnendigi aýdylýar. Institutyň ýapylmagynyň sebäpleri barada maglumat berilmedi.

Ilçihananyň berýän maglumatyna görä, Fransiýanyň diplomatik missiýasy “ilçihananyň mümkinçiligi boldugyndan özbek halkyny fransuz dili we medeniýeti bilen tanyşdyrmaga dowam eder”.

2011-nji ýyla çenli Wiktor Hugo merkezi ady bilen tanalýan Fransuz instituty 2002-nji ýyldan bäri özbek paýtagty Duşenbede iş alyp barýar.
XS
SM
MD
LG