Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Türkmen-Owgan wekilleri serhet barada gürrüň etdiler


Owganystanyň Hyrat welaýatynyň telekanalynyň beren maglumatyna görä, 3-nji iýunda Hyrat welaýatynda Türkmenistan bilen Owganystanyň içeri we daşary işler ministrliginiň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň arasynda serhediň howpsuzlygy hakda pikir alyşyldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň delegasiýasyna daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew we Owgan delegasiýasyna bolsa Owganystanyň içeri işler ministriniň orunbasary General Salangi ýolbaşçylyk edipdir.

Hyrat telekanalynyň maglumatyna görä, duşuşykda Wepa Hajyýew Owgan ýolbaşçylaryny iki ýurduň serhetýaka etraplarynyň howpsuzlygyny güýçlendirmäge çagyrypdyr. Öz nobatynda Owgan ýolbaşçylary iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara üns çekip, özara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada gürrüň edipdir.

Bu duşuşyk, soňky üç aýyň dowamynda 6 sany türkmen serhetçisiniň Owganystanda ýerleşýändigi aýdylýan söweşijiler tarapyndan atylyp öldürilmeginiň yzýanyna gabat geldi. Bu ýygnak hemem serhet ýaka etraplaryň howpsuzlygy barada türkmen metbugatynda hiç hili maglumat berilmedi.
XS
SM
MD
LG