Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada okaýanlar ýurtdan goýberilmeýär


Türkmen ýaşlary

Türkmen ýaşlary

Ukrainanyň käbir oblastlaryndaky ýokary okuw jaýlaryna okamaga gitmekçi türkmenistanly studentler ýurduň serhedinden goýberilmeýär. Bu düzgün, hususan-da, Ukrainanyň Donetsk we Lugansk oblastlaryndaky ýokary okuw jaýlaryna okamaga gitjekleri öz içine alýar.

Bu habary Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň işgärleri, şeýle-de ýurtdan göýberilmeýän käbir studentleriň ýakyn garyndaşlary we tanyş-bilişleri hem tassykladylar. Şol bir wagtyň özünde-de Migrasiýa gullugy Ukrainanyň beýleki şäherleridir oblastlaryna okamaga barýan talyplaryň ýurtdan çykmagynda hiç hili problemanyň ýokdugyny mälim edýär.

Sebäp näme?

Häkimiýetler bu çäklendirmäniň raýatlaryň howpsuzlygy üçin girizilýändigini aýdýarlar. Emma, bu çäklendirmäniň haçana çenli dowam etjekdigi barada häzirlikçe hiç hili maglumat ýok. Migrasiýa gullugynyň adynyň agzalmagyny islemedik işgäriniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, bu Ukrainanyň howpsuzlyk ýagdaýlaryna bagly bolar.

Bu karara haçan we nahili ýagdaýlarda gelnendigi we onuň haçandan başlap güýje girendigi hakda resmi mediada hiç hili maglumat berilmeýär. Bu ýagdaý hem şu ýyl Ukraina gitmegi planlaşdyrýan käbir ýaşlar üçin garaşylmadyk problemany döretdi.

Ukraina türkmenistanly ýaşlaryň iň köp okamaga gidýän daşary ýurtlaryndan biridir. Ukrainanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 2013-2014–nji ýyllar boýunça bu ýurtda okaýan türkmenistanly studentleriň sany 14000 töweregidir.

Bu habary Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi Nurberdi Amanmyradow hem tassyklap, geçen ýyl ukrain žurnalistleri bilen geçiren duşuşygynda ol häzirki wagtda 14000-e golaý türkmenistanly studentleriň bu ýurduň 120 töweregi ýokary okuw jaýlarynda bilim alýandygyny aýdypdy.

Öňki tejribeler

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir studentleriň aýtmaklaryna görä, bu 2009-njy ýylda Gyrgyzystanda bolan syýasy tolgunşyklaryň türkmen studentlerine ýetiren täsirini ýada salýar. Şol döwürde, esasanam, Gyrgyzystanyň Oş welaýatynda okaýan türkmenistanly studentler ýurda getirilip, yzlaryna goýberilmändiler.

Edil şol döwürlerde bolşy ýaly Türkmenistanyň ilçihanasynyň işgärleri Ukrainada tolgunşyklaryň dowam edýän şäherlerine aýlanyp, türkmenistanly studentleriň şol şäherleri terk etmegini soradyrlar.

Ukrainada okaýan käbir studentleriň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, şeýle ýagdaý Uklrainanyň Odessa şäherinde hem bolup, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň işgärleri, eger studentler berlen möhletde ýurdy terk etmeseler, onda olaryň öz howpsuzlygyna özleriniň jogapkär boljakdygyny aýdypdyrlar.

Bu meselede Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasyndan maglumat aljak bolup eden synanyşyklary başa barmady. Gynansak-da, bu barada ilçihananyň özi hem halk köpçüligini ýagdaýdan habarly etmek üçin beýanat bilen çykyş etmedi. Bu ýagdaý hem raýatlaryň arasynda dürli garaýyşlaryň döremegine getirýär.

“Gyrgyzystan bilen bagly hem şeýle bolupdy. Ilki studentler yzyna getirildi, soň olaryň yzyna gitmegi çäklendirildi. Hatda olaryň diplomalarynyň ykrar edilmezligi ýaly ýagdaý hem ýüze çykdy. Ukraina bilen bagly bu habardan hem şeýle netijä gelmek mümkin“ diýip, Gyrgyzystanda okuwyny tamamlap bilmedik aşgabatly ýigit Rüstem gürrüň berýär.

Ukrainadaky dartgynlylyk

Ukrainanyň agzalýan welaýatlarynda indi ep-esli wagtdan bäri dartgynlylyk höküm sürýär. Separatistler bilen Ukrainanyň howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknaşyklarda eýýäm ençeme adamlar wepat boldy.

Şol sebäpden Türkmenistanyň hökümetiniň agzalýan çäreleriň ýurduň raýatlarynyň howpsuzlygy üçin görülýändigini tekrarlaýan beýanatyna düşünmek bilen baha berýän türkmenistanlylar hem az däl.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG