Sepleriň elýeterliligi

Obama: Ýewropaly ýaranlar ýeke galmaz


ABŞ-nyň prezidenti B.Obama Ukrainanyň täze saýlanan prezidenti P.Poroşenko bilen, Warşawa, 4-nji iýun, 2014.

ABŞ-nyň prezidenti B.Obama Ukrainanyň täze saýlanan prezidenti P.Poroşenko bilen, Warşawa, 4-nji iýun, 2014.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ABŞ-nyň Polşanyň we NATO boýunça Gündogar hem Merkezi Ýewropadaky beýleki ýaranlarynyň howpsuzlygyna üýtgewsiz ygrarly bolup galýandygyny Orsýetiň Ukraina goşulyşmagynyň yzýany ýene gaýtadan tassyklady.

Obama 4-nji iýunda Warşawada eden çykyşynda “Polşa hiç wagtda ýeke bolmaz. Estoniýa hiç wagtda ýeke bolmaz, Latwiýa hiç wagtda ýeke bolmaz, Litwa hiç wagtda ýeke bolmaz, Rumyniýa hiç wagtda ýeke bolmaz” diýdi.

Obama Warşawada Polşanyň 1989-njy ýylda geçiren ilkinji demokratik saýlawlarynyň ýyl dönüminiň bellenmegine gatnaşdy.

Obama Warşawada Baş ybadathananyň meýdançasynda jemlenen adamlaryň öňünde eden çykyşynda Polşada 25 ýyl mundan ozal bolan wakalar bilen Ukrainadaky şu günki ýagdaýlaryň arasynda deňeşdirme geçirdi.

Obama “imperiýanyň we täsir meýdanlarynyň möwriti geçdi”, “uly ýurtlaryň kiçileri gorkuzmagyna ýa-da ýarag ulanyp, öz isleglerini olaryň boýnuna dakmagyna ýol berilmeli däl” diýdi.

Warşawadaky çykyş

Şeýle-de Obama “diňe bir gol çekmek bilen goňşynyň ýeriniň ogurlygyny kanunlaşdyryp bolmaz” diýdi we sözüniň üstüne ýetirip, “biz hiç wagtda Orsýetiň Krymy okkupasiýa etmegini ýa-da Ukrainanyň garaşsyzlygyny depelemegini kabul etmeris” diýdi.

“Ukraina üçin hem Ýewropa, hem-de Orsýet bilen berk gatnaşyklar gerek, emma Ukrainanyň halky beýleki ýurtlaryň halklary ýaly öz geljegini özüçe çözmäge hakly” diýip, Obama belledi.

Obama Orsýetiň indiki prowokasiýalarynyň ony has güýçli üzňelige getirjegini we Orsýet üçin has gymmada durjagyny ýaňzytdy.

Obama şeýle diýdi: “Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasynyň bize ýatladyşy ýaly, biziň erkin halklarymyz Ýewropanyň bitewi, erkin we parahatçylykly bolmagy ugrundaky garaýyşlaryny durmuşa geçirmekde arkaýynlaşmaly däl. Biz munuň üçin işlemeli. Biz azatlygy isleýänler bilen bile bolmaly”.

Obamany diňlän 6000 çemesi adam bu çykyşy makullamak bilen garşy aldy.

Poroşenko bilen duşuşyk

Obama şol günüň özünde Warşawada Ukrainanyň täze saýlanan prezidenti Petro Poroşenko bilen duşuşdy. Obama Poroşenkonyň saýlanmagynyň Ukraina üçin, onuň öz sözi bilen aýdylanda, “agyr döwrüň dowamynda” “paýhasly” ädim bolandygyny aýtdy.

Obama bu duşuşykdan soň žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda gepleşiklerde Waşingtonyň Ukrainanyň harbylaryny we kanun goraýjylaryny nädip türgenleşdirip biljeginiň, şeýle-de Ukrainanyň Orsýetiň energiýasyna garaşsyzlygyny azaltmagynyň ýollarynyň maslahat edilendigini aýtdy.

Duşuşyk bilen bir wagtda ABŞ Kiýewe goşmaça 5 million dollarlyk enjam ibermekçidigini we munuň Ukrainanyň gündogarynda Orsýete tarapdar ýaragly separatistlere garşy göreşde ulanylyp bilinjekdigini aýtdy. Agzalan kömek adamyň bedenini goramak üçin ýörite geýimleri we garaňkyda görmäge mümkinçilik berýän enjamlar ýaly serişdeleri öz içine alýar.
XS
SM
MD
LG