Sepleriň elýeterliligi

​“Sport ösmän, kiseler galňaýar”


Türkmen futbolçylary.

Türkmen futbolçylary.

Türkmen metbugatynda çykýan habarlarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen Türkmenistanda sportuň ösdürilmegi üçin ençeme çäreleriň durmuşa geçirilýändigi aýdylýar. Şol maglumatlarda sport mekdepleriň, stadionlaryň, suw toplumlarynyň açylyş dabaralary bellenilip geçilýär.

Emma muňa garamazdan, türkmen sportunyň üstünlikleri barada dünýäde, şol sanda regionda o diýen eşidilmeýär. Muňa hem ýakynda Türkmenistanyň milli futbol komandasynyň Aziýa futbol konfederasiýasynyň kubogynda aýry-aýrylykda Owganystandan we Filippinlerden utulmagy şaýat bolýar.

Eýsem, ýaryşlarda türkmen futbol komandasynyň Owganystan ýaly ýakynda döredilen komandalardan hem utulmagyny, halkara ýaryşlarda üstünlik gazanyp bilmezligini siz nämede görýärsiňiz? Bu ýagdaýy üýtgetmegiň ýoly ýa-da ýollary nämede?

Bu tema barada ýokary bilimini dürli ýurtlarda dowam etdirýän türkmenistanly ýaşlar Arslan, Mekan we yzygiderli sport bilen meşgullanýan Azat bilen söhbetdeş bolduk. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz. Garaýyşlaryňyza teswir bölüminde garaşýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG