Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Goşa raýatlygy gizlänlere jeza beriler


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin goşa raýatlygy gizlemek üçin jogapkärçilik hakynda kanuna gol çekdi.

“Orsýet Federasiýasynyň raýatlygy hakynda” kanuna üýtgetmeleri girizmek barada gol çekilen täze kanun Orsýetiň raýatlarynyň başga döwletiň raýatlygy barada maglumaty ýaşyrmagy üçin jenaýat jogapkärçiligini we jerimeleri göz öňünde tutýar.

Orsýetiň kanunlary barada resmi informasion websaýtynda çap bolan kanuna görä, başga döwletiň raýatlygyny ýa-da ýaşamak hukugyny alan Orsýetiň raýaty iki aýyň dowamynda Orsýetiň Federal migrasion gullugyny ýazmaça görnüşde habarly etmese jogapkärçilik çäresi hökmünde 200 000 rubl möçberde jerime tölemeli bolar ýa-da 400 sagada çenli mejbury işlere çekiler.

Kanunyň taslamasy 23-nji maýda Döwlet Dumasynda we 28-nji maýda Federasiýa Geňeşinde kabul edildi.

"Bu kanun diňe Orsýetiň territoriýasynda işleýär", diýip Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynda Azatlyk Radiosyna aýtdylar.

Orsýetiň DIM-niň 2013-nji ýylyň tomusynda yglan eden resmi sanlaryna görä, Orsýetiň raýatlygyna eýe bolan türkmenistanlylaryň sany 134 212 adam, olardan 44 460 adam Türkmenistanda Orsýetiň konsulhanasynda hasapda duran goşa raýatlyga eýe adamlar.
XS
SM
MD
LG