Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türki dilli döwletleriň sammiti geçirildi


Türkiýäniň Bodrum şäherinde türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň IV sammiti geçirildi.

Ýokary derejeli duşuşyň netijesinde Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň prezidentleri 44 punktdan ybarat deklarasiýa gol goýdular. Şeýle-de guramanyň ýolbaşçylygy Türkiýeden Gazagystana geçdi.

Sammitiň esasy temasy syýahatçylyk boldy.

5-nji iýunda Türkiýede geçirilen Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň sammitine ilkinji gezek Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow gatnaşdy.

Azerbaýjany, Gazagystany, Gyrgyzystany we Türkiýäni öz içine alýan bu regional gurama Türkmenistan we Özbegistan synçy hökmünde gatnaşýarlar. Sammit Türkmenistanyň prezidentiniň Türkiýä dört günlük saparyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG