Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G7 Orsýeti has berk gadaganlyga salyp biler


G7 ýurtlarynyň liderleri duşuşyk mahalynda, Brýussel, 5-nji iýun, 2014.
G7 ýurtlarynyň liderleri duşuşyk mahalynda, Brýussel, 5-nji iýun, 2014.
Senagat taýdan ösen ýurtlaryň ýediligi (G7), eger gündogar Ukrainadaky ýagdaýlaryň mundan aňryk hem bujrugy artsa, özleriniň Orsýete garşy sanksiýalary has-da güýçlendirip biljekdiklerini duýdurdylar.

G7 ýurtlarynyň liderleri Brýusselde bolan gepleşiklerden soň çap eden beýanatlarynda özleriniň, eger ýagdaýlar talap etse, Orsýete garşy nyşanalaýyn sanksiýalary güýçlendirmäge we Moskwa has gymmat düşjek çäreleri görmäge taýýardyklaryny aýtdylar.

“Orsýetiň Krymy bikanun anneksiýa etmegi we gündogar Ukrainadaky durnuksyzlaşdyrma hereketleri kabul ederlik däl we bes edilmeli. Bu hereketler halkara kanunçylygynyň esasy ýörelgelerini bozýar we ähli döwletleri aladalandyrmalydyr” diýip, liderleriň beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de G7 Orsýeti Ukrainanyň prezident saýlawlarynyň netijelerini ykrar etmäge, öz goşunlaryny Ukraina bilen serhetden çekmegi tamamlamaga hem-de jeňçileriň we ýaraglaryň akymyny togtatmaga çagyrdy.

Eger progres bolmasa...

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel liderleriň 4-nji iýundaky iş naharyndan soň žurnalistlere gündogar Ukrainadaky ýagdaýlaryň mundan aňryk beterleşmegine ýol berlip bilinmejegini we Günbatar liderleriniň Moskwa orsýetçi separatistler babatdaky täsirini ulanmagy üçin basyş görkezmäge taýýardyklaryny aýtdy:

"Eger biziň çözmeli meselelerimizde progres bolmasa, bu ýerde sanksiýalar mümkinçilikligi bar, hatda agyrrak, 3-nji tapgyr sanksiýalar toplumy hem gün tertibinde, sebäbi biz Ukrainadaky durnuksyzlygyň beterleşmegine ýol berip bilmeýäris” diýip, Merkel aýtdy.

Ol Günbatar hökümetleriniň Ukrainadaky progres meselesini gaýta-gaýta barlajakdyklaryny hem sözüne goşdy.

“Gündogar Ukrainadaky durnuksyzlaşma, gynansak-da, soňky günlerde has güýçli ýagdaýda dowam etdi” diýip, Merkel aýtdy.

Fransuz prezidenti Fransua Olland bu duşuşygyň, Orsýeti Ukrainadaky ýagdaýlary durnuklylaşdyrmaga çagyryp, goşmaça sanksiýalar howpuny taýýar saklamak bilen, agzybirligiň açyk-aýdyň yşaratyny görkezendigini belledi.

Aslynda Orsýet G7 ýurtlarynyň sammitini Gara deňiz boýundaky Soçi şäherinde geçirmelidi, emma senagat taýdan ösen ýedi ýurduň liderleri, Moskwanyň mart aýynda Krymy anneksiýa etmegine jogap çäresi hökmünde, bu duşuşygy Brýussele geçirdiler we oňa Orsýeti çagyrmadylar.

Putin bilen duşuşyk

Emma muňa garamazdan, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin şu hepde Fransiýada, Normandiýa goşun ýerleşdirilmeginiň ýatlama gününde Merkel, fransuz prezidenti Fransua Olland, britan premýer-ministri Deýwid Kameron bilen duşuşmaly.

Ukrainanyň täze saýlanan prezidenti Petro Poroşenko hem bu çärä gatnaşmaly, emma onuň 5-nji iýunda Putin bilen ýüzbe-ýüz duşuşygy planlaşdyrylmadyk ýaly.

G7 liderleri Poroşenkonyň 25-nji maýda Ukrainada prezident saýlanmagyny gutlap, ýörite beýanat çap etdiler:

“Orsýet Federasiýasynyň Ukrainanyň özygtyýarlylyk meselelerine kabul ederliksiz gatyşýan ýagdaýynda, biz Ukrainanyň hökümetiniň we halkynyň ýanynda durus” diýip, olaryň beýanatynda aýdylýar.

ÝB-niň prezidenti Herman Wan Rompuy 4-nji iýunda geçirilen gepleşiklerden soň özüniň, söweş taýýarlygyna getirilen ýurduň täze ýolbaşçylaryna raýdaşlygyny görkezmek üçin, Kiýewde Poroşenkonyň inagurasiýasyna gatnaşjakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG