Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Gyrgyz müftüsi täze perman çykardy


Gyrgyzystanyň baş müftüsi Maksatbek Hajy Toktomuşewiň çyrkaran permanyna görä, ýurduň yslamçy ruhanylary öz wagyz-nesihatlaryny ýurtda bolup biljek etniki çaknyşyklaryň öňüni almak üçin ulanmaga borçly.

Gyrgyz müftüsiniň orunbasary Rawşan Hajy Eratowyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 5-nji iýunda köpçüliklige ýaýradylan permana laýyklykda ýurduň musulman ruhanylary 6-13-nji iýun aralygynda geçiriljek wagyz-nesihat işlerinde milletine garamazdan, bütin musulmanlaryň arasynda doganlyk gatnaşyklary ündeýän milli yslamçy okuwlary geçirmelidir.

Gürrüňi edilýän bu perman Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş we Jalal-Abad regionlarynda ýerli özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda bolan ýiti çaknyşyklaryň dördünji ýyldönüminden bir gün öň ýaýradyldy. Birnäçe gün dowam eden şol çaknyşyklarda 400-den gowrak adam öldürilipdi.

Şol wakadan soň, müňlerçe adam öýüni terk edip başga ýere göçmeli bolupdy we ýüzlerçe adam hem ýitirim bolupdy. Gürrüňi edilýän wakada pida bolanlaryň aglabasy özbeklerdir.
XS
SM
MD
LG