Sepleriň elýeterliligi

​Kabul: Dört polisiýa ofiseri öldürildi


Owganystanyň günorta-gündogarynda polisiýanyň başlygy we başga-da üç ofiser ýoluň gyrasyna düşelen partladyjy serişdäni howpsuzlandyrmaga synanyşan mahaly, bombanyň partlamagy netijesinde öldürildiler.

Gazny welaýatynyň Wagaz etrabynyň ýolbaşçysy Abdul Azim Farugyň sözlerine görä, polisiýanyň ýolbaşçysy Mohammad Kasem başga-da dört polisiýa ofiseri bilen birlikde “Talyban” tarapyndan ýoluň gyrasyna düşelen bombany howpsuzlandyrmak üçin gidipdir.

Bäş polisiýa ofiseri gürrüňi gidýän partladyjy serişdäni howpsuzlandyrmagy başarypdyrlar. Emma olar howpsuzlandyrylan partladyjy serişdäni ýerden çykaran mahaly, onuň aşagyndaky mina ýarylýar.

Gazny welaýat polisiýa başlygynyň orunbasary Assadullah Safiniň aýtmagyna görä, bäşinji polisiýa ofiseri wakanyň bolan ýerinde ýaralanyp, keselhana ýerleşdirilipdir.

Habarlarda aýdylşyna görä, Owganystanyň Hyrat şäherinde bolan beýleki bir wakada motosiklli ýaragly adamyň owgan armiýasynyň işgärlerini alyp barýan ulaga ot açmagy netijesinde iki polisiýa ofiseri öldürildi we başga-da üç sanysy ýaralandy.
XS
SM
MD
LG