Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Mugallymlar okuwçylara käýeýärmi?


Mekdep okuwçylary.
Mekdep okuwçylary.
Ýakynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbäniň 172-nji orta mekdebiniň okuwçysy Şukrona Dawlatowa iňňebagjygy ýuwudanlygy sebäpli keselhana ýerleşdirilýär. Onuň maşgalasynyň berýän maglumatyna görä, Şukrona mekdebe başörtgi dakynyp barany sebäpli mugallymy oňa käýäpdir.

Mugallymyň käýinjinden gorkan gyzjagaz hem başörtgüsini aýryp, ondaky iňňebagjygy dişi bilen agzynda saklaýar. Mugallymyň käýinçleriniň has-da artmagy netijesinde, Şukrona gorkup, agzyndaky temençäni ýuwudýar.

Umuman, käbir mekdeplerde mugallymlar tarapyndan okuwçylara käýenmegi, hatda olaryň ýenjilmegi ýaly wakalara dünýäniň dürli ýurtlarynda duş gelmek mümkin. Eýsem, häzirki wagt bu mesele Türkmenistanyň mekdeplerinde nähili? Bu baradaky tejribeleriňizi biziň bilen hem paýlaşyň.

Bu baradaky garaýyşlaryňyza, tejribeleriňize aşakadaky teswir bölüminde garaşýarys.
XS
SM
MD
LG