Sepleriň elýeterliligi

Wena: Rahat Aliýew tussag edildi


Gazagystanyň prezidentiniň öňki giýewisi Rahat Aliýew

Gazagystanyň prezidentiniň öňki giýewisi Rahat Aliýew

Rahat Aliýewiň nädip tussag edilendigi entek mälim däl. “France-Press” agentligi Gazagystanyň prezidentiniň öňki giýewisiniň aklawçysyna salgylanyp, Aliýewiň Awstriýanyň häkimiýetlerine öz-özüni meýletin tabşyrandygyny we häkimiýetler bilen işleşmek niýetini mälim edendigini habar berdi.

Rahat Aliýewiň adam ogurlygyna we öldürilmegine gatnaşygy bilen bagly aýyplamalaryň esasynda tussag edilendigi habar berilýär.

Gazagystanyň sudy Rahat Aliýewi 2007-nji ýylda «Nurbankyň» iki ýolbaşçysy Žoldas Timraliýewiň we Aýbar Hasenowyň ogurlanmagyna we öldürilmegine gatnaşmakda günäli hasaplady. Bank ýolbaşçylarynyň jesetleriniň galyndylary 2011-nji ýylda tapylypdy.

Resmi aýyplama

Gazagystanyň häkimiýetleri ýurtda ençeme agyr jenaýatlar boýunça uzak möhletli tussaglyga höküm edilen Rahat Aliýewiň Awstriýadan Gazagystana gaýtarylyp berilmegini talap etdiler.

Daşary ýurtlarda gizlenen öňki diplomat Gazagystanda jenaýatçylykly topary döretmekde we öňa ýolbaşçylyk etmekde, döwlet agdarylyşygyny amala aşyrmak synanyşygynda we watana dönüklikde aýyplanýar.

Gazagystanyň sudlary Rahat Aliýewi birnäçe aýyplamanyň esasynda gaýybana jemi 40 ýyllyk türme tussaglygyna höküm etdiler.

Geçen ýylyň aýagynda Gazagystanyň häkimiýetleri prezidentiň öňki giýewisiniň oppozision syýasatçy Altynbek Sarsenbaýewiň öldürilmegine gatnaşygynyň bolanlygy barada hem yglan etdiler. Gazagystanyň Baş prokuraturasy 2013-nji ýylyň dekabrynda bu iş boýunça “peýda bolan täze maglumatlar” barada habar berdi we oppozisioneriň ölüminiň hakyky günäkärleriniň Rahat Aliýew bilen bilelikde daşary ýurtlarda gizlenen Milli howpsuzlyk komitetiniň öňki başlygy Alnur Musaýewiň bolmagynyň ähtimaldygyny habar berdi.

Şu ýylyň fewral aýynda Sarsenbaýewiň işine gaýtadan garan sud Rahat Aliýewiň we Alnur Musaýewiň Altynbek Sarsenbaýewiň ölümine gatnaşygyny anyklamak üçin aýratyn karar çykardy.

Awstriýa Rahat Aliýewi Gazagystana bermekden ýüz öwrüpdi we oňa öz ýurdunda adalatly sud edilmek mümkinçiligine güwä geçilmeýändigini aýdypdy.

2011-nji ýylyň iýul aýynda Awstriýanyň kanun goraýjylary Awstriýany terk edip, Malta göçüp giden Aliýew babatynda öz derňewlerine başladylar.

Aliýew aýyplamalar barada

Syýasatçy we biznesmen Aliýew özüne ýöňkelýän aýyplamalaryň galpdygyny we Gazagystanyň häkimiýetleri tarapyndan syýasy sebäplere görä, ýagny özüniň Gazagystanyň prezidenti wezipesine dalaş etmäge isleg bildirendigi üçin yzarlanandygyny ençeme sapar aýdypdy.

Rahat Aliýew Gazagystanyň prezidentiniň uly gyzy Dariganyň öňki adamsy. Rahat Aliýewiň daşynda gopan dawadan öň Dariga Gazagystanyň prezidenti wezipesinde atasynyň ornuna geçip biljek potensial şahs hökmünde seredilýärdi, emma 2007-nji ýyldan soň ol jemgyýetçiligiň gözünden düşdi. Netijede ol diňe birnäçe ýyldan soň, ýagny 2012-nji ýylda parlamente deputat saýlanyp, uly syýasata täzeden gaýdyp geldi.

Geçen aýda Dariga Nazarbaýewa Mejlisiň wise-spikeri wezipesine saýlandy we häkimiýet başyndaky “Nur Otan” partiýasynyň parlamentdäki toparynyň ýolbaşçysy boldy.
XS
SM
MD
LG