Sepleriň elýeterliligi

​Kabul: Abdullanyň ulagy nyşana alyndy


Owganystanyň paýtagty Kabulyň günbataryndaky myhmanhananyň daşynda iki bomba partladyldy. Wakanyň bolan pursady myhmanhanada ýurduň prezidentligine dalaş edýän Abdulla Abdullanyň (Abdullah Abdullah) gatnaşmagynda ýygnak geçirilýärdi.

Owganystanyň öňki daşary işler ministri Abdulla partlamada öz ulagyna zeper ýetendigini, emma wakada özüniň ýaralanmandygyny mälim etdi. Ol 6-njy iýunda bolan bu partlamada öz janpenalaryndan birnäçesiniň ýaralanandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekiline salgylanyp berýän maglumatyna görä, gürrüňi edilýän partlamada parahat ilatdan dört adam ölüpdir.

Abdullanyň sözlerine görä, bu wakadan gysga wagt soň geçirilen “Halkyň yslam birleşigi” partiýasynyň ýygnagyndan gaýdyp barýan mahaly, ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň partlamagy netijesinde onuň ulagyna zeper ýetipdir.

Owganystanda 14-nji iýunda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Abdullanyň ýeňiş gazanmagyna garaşylýar. Ol bu prezidentlik bäsleşiginde ýurduň öňki maliýa ministri Aşraf Gani bilen ýaryşýar.
XS
SM
MD
LG