Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Dagystan: Iki adam öldi


Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz respublikasy Dagystanda bir ulagyň 20 metr beýiklikden çuň derä gaçmagy netijesinde iki adam, ýagny mekdep müdiri we mugallym öldi.

6-njy iýunda Dagystanyň günortasyndaky Ahty etrabynda bolan bu wakadan soň, ulagdaky başga üç mekdep okuwçysy keselhana ýerleşdirildi. Bu şu hepdäniň dowamynda Dagystanda bolan şuňa meňzeş ikinji wakadyr.

4-nji iýunda Dagystanyň Tsunta etrabyndaky Sagada obasynyň golaýynda bir miniawtobusyň 40 metr beýiklikden çuň derä gaçmagy netijesinde hem 10 adam ölüpdi.

Maglumatlara görä, bu wakada miniawtobusyň sürüjisi dagdan aşak gaçýan daşdan çetleşmäge synanyşanda heläkçilik bolup geçipdir. Şol wakadan soň, başga-da alty adam, şol sanda üç çaga keselhana ýerleşdirilipdi.
XS
SM
MD
LG