Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Gazak prezidentiniň öňki giýewisi tussag edildi


Gazagystanyň prezidentiniň iň uly gyzynyň öňki ýanýoldaşy Rahat Aliýew Awstriýada tussag edildi.

Aliýew Gazagystanda 2007-nji ýylda iki bankiri alyp gaçmakda hem-de öldürmekde we başga ýiti aýyplamalar bilen gözlenýärdi. Awstriýanyň polisiýasy 2011-nji ýylda Aliýewe garşy öz derňewlerini başladypdy.

Aliýewiň aklawçysy Manfred Aýnedteriň (Manfred Ainedter) 6-njy iýunda beren maglumatyna görä, Wenada Aliýew özüni meýletin Awstriýanyň resmilerine tabşyrypdyr.

Şeýle-de, aklawçy Aliýewi tussag etmek barada maý aýynda Awtriýanyň resmileri tarapyndan çykarylan kararda müşderisiniň “adam öldürmekden, alyp gaçmaga çenli” dürli günälerde aýyplanýandygyny aýdypdy.

Awtriýanyň resmileri Aliýewiň Gazagystanda adalatly sud edilmejekdigi barada aladalaryny beýan edip, ony Gazagystana ekstradisiýa etmegi iki sapar ret edipdiler. 2007-nji ýylda Aliewe garşy gürrüňi edilýän aýyplamalar gozgalan mahaly, ol Gazagystanyň Awtriýadaky ilçisi wezipesinde işleýärdi.

Şondan soň, ol gaýynatasy prezident Nursoltan Nazarbaýewi tankyt edip başlady. Aliýew özüne garşy ýöňkelen aýyplamalaryň syýasy maksatlydygyny yzygiderli nygtapdy.
XS
SM
MD
LG