Sepleriň elýeterliligi

​Özbegistan hat alyşmalary “umail.uz”-a geçirýär


Özbegistanyň hökümeti resmi hat alyşmalary ýerli “umail.uz” atly elektron hat alyşmak ulgamyna geçirip başlady.

Adynyň efirde tutulmazlygyny soran Özbek hökümetindäki çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, 4-nji iýunda ýurduň Ministrler Kabineti ýygnanyp, gürrüňi edilýän sistema geçişi çaltlandyrmak barada karara gelipdirler.

Özbegistanyň Ministrler Kabineti bu çäräniň ýerli Internet ulgamyny ösdürmak baradaky tagallalaryň we hökümet organlarynyň arasynda aragatnaşygy utgaşdyrmagyň bir bölegidigini aýtdy.

Döwlet edara we guramalarynyň ählisine “umail.uz” ulgamyndan hasap açmaklary we ony diňe resmi hat alyşmalary üçin ulanmaklary barada görkezme berildi.

“Umail.uz” ulgamy 2013-nji ýylyň aprel aýynda açylypdy. Muňa garamazdan, onda şu wagta çenli diňe 55 müň e-mail hasaby ýazga alyndy.

Şeýle-de, Özbegistanyň Bilim ministrliginiň beren maglumatyna görä, 15-nji iýundan başlap öz hat alyşmalaryny “umail.uz” ulgamyna geçirmekleri üçin ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň we hünärment mekdepleriniň ählisine duýduryş berilipdir.
XS
SM
MD
LG