Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: Dünýäde iň gadymy kär diskussiýa edilýär


Täjigistan: Ten satýan zenan gürrüň berýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:09 0:00

Täjigistan: Ten satýan zenan gürrüň berýär

Ten satýanlaryň sanynyň köpelmegi bilen dünýäde iň gadymy kärleriň biri Täjigistanda açyk diskussiýalaryň temasyna öwrüldi.

Dünýäniň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Täjigistanda hem ten satmaklyk özge ýurtlardakydan özüçe hil taýdan tapawutly bolsa gerek.

“Rano” atly aýal telefon jaňy boýunça baryp, erkeklere edýän jynsy hyzmatlarynyň özüne her aýda 2 müň dollar töweregi girdeji berýändigini aýdýar. “Sitora” atly aýal bolsa Düşenbäniň köçelerinde tenini satmak bilen aýda 200 dollar gazanýandygyny aýdýar.

Ortaça aýlyk 150 dollar töwereginde bolan ýurtda dünýäniň iň gadymy kärleriniň biri hasplanýan jelepçilik käbir zenanlar üçin amatly mümkinçilik bolup durýar. Ten satmak meselesi, adatça, Täjigistanda gadagan edilen temalaryň biridir. Emma kanuny nukdaý nazardan ten satmaklyk uly bolmadyk jerime bilen jezalandyrylýan jenaýat hasaplanýar.

”Rano” lakamy bilen AÝ/AR-nyň Täjik gullugy bilen söhbetdeş bolan Duşenbäniň 33 ýaşly ýaşaýjysy öz tenini satyp gazanç edýändigini tassyklady. Onuň gazanýan puly iki çagasyny hususy mekdepde okatmaga, özüne gowy geýim we gymmatbaha zatlary satyn almaga ýetýär. Şeýle-de ol ýeterlik müşderileriniň bolmagy hem öz howpsuzlygyny üpjün etmek üçin her aýda 300 dollar töleg töleýändigini aýdýar.

Bu zenan daşary ýurtlular bilen işlemegi halaýar we munuň sebäbini şeýle düşündirýär: “Olar bizi nahara çagyrýarlar, bize iýmit, içgi alyp berýärler we mundan soň bizden olar bilen gijäni geçirmegimize razylyk soraýarlar”.

Zenan täjik müşderileriniň özlerini alyp baryşlary barada gürrüň berip, şeýle diýýär: ”Olar otagyna baryp giren badyňa seni düşege ýykýarlar. Olar özüňi gaty erbet duýmaga mejbur edýärler. Olar saňa ten satýandygyňy duýdurýarlar”.

Iş örän howply diýip, ”Rano” muny şeýle düşündirýär: “Sebäbi men, adatça, düýpden nätänyş adamlar bilen iş salyşýaryn, olaryň käbiri jenaýatçy we manýak bolup çykýar”.

”Rano” töwekgelçilikleri azaltmak üçin “goragçylara”, şol sanda polisiýa bil baglaýandygyny aýtdy.

”Sitora” diýen lakamy ulanyp AÝ/AR bilen gepleşen zenanyň iş şertleri has agyr bolup görünýär. Ol özüne müşderi tapmak üçin tutuş gije köçelere aýlanyp çykýar, şeýle duşuşygyň gazanç howpsuzlygyna-da güwa geçip bolmaýar.

Onuň ýüzünde soňky müşderisiniň galdyran gök tegmilleri bar. ”Sitoranyň” sözlerine görä, ol we onuň köçedäki kärdeşleri polisiýa hem köp äkidilýär we olardan pul talap edilýär.

"Polisiýa köplenç köçede biziň daşymyzda bolýar” diýip, bu zenan aýdýar. “Haçan-da elime pul düşende, men özümi halas etmek üçin para bermeli bolýaryn, emma puluň bolmadyk ýagdaýynda olar meni birnäçe günläp tussag edýärler”.

Täjigistanda ten satmak uly bolmadyk jenaýat hasaplanýar, emma jelephana saklamak ýa-da başgalaryň ten satmagyny gurnamak 8 ýyllyk türme tussaglygy bilen jezalandyrylýar.

Biznes barha pajarlaýana meňzeýär. Aýallaryň işleri boýunça döwlet komitetiniň aýtmagyna görä, 2013-nji ýylda ten satmak bilen meşgullanýan 1641 zenan hasaba alnypdyr. Bu ozalky ýyl bilen deňeşdirilende 25% ýokary. Bu sanlar adam gaçakçylygyny we ten satmaga mejbur edilýän pidalary anyklamak boýunça geçirilen gözegçilik çäreleriniň netijelerine esaslanýar.

Resmi sanlara görä, Täjigistanda 2013-nji ýylda 189 bikanun jelephananyň üsti açyldy. Komitet şahsyýeti anyklanan bu kärdäki ýeňles zenanlaryň 18 we 41 ýaş aralygyndadygyny aýtdy.

Emma agzalýan Komitet tenini satýan täjigistanly zenanlaryň hakyky sanynyň has köpdügini boýun alýar.

Bu ýagdaý aýallaryň seks kärhanasynyň ýesiri bolmaklarynyň öňüni almaga çagyryşlary güýçlendirdi.

Hatlon welaýatynyň Çagalaryň hukuklary boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Mairambi Gafurowa ten satýan zenanlaryň göwreli bolup, çagalaryny taşlaýandygyny aýdyp, 2012-nji ýylda parlamentden ten satmaklygy kanun taýdan gadagan etmäge çagyrdy.

Kanunçykaryjy Saodat Amirşoýewa şeýle çagyryşlaryň barha köp ýaňlanýandygyny we bu meseläniň maslahat edilýändigini aýtdy. Emma ol meseläni jenaýatlaşdyrmagyň ýagdaýdan dogry çykalga däldigini aýdyp, munuň ten söwdasynyň soňuna çykyp bilmeýändigini belledi.

Özüni we ýaş çagasyny adamsy taşlap gidensoň, on ýyl mundan öň ten satmak bilen meşgullanyp başlan ”Sitora” ten satmaklygyň doly kanunlaşdyrylmagynyň çykalga bolup biljegini aýdýar: “[Onda ] biz salgyt töläp bilerdik we käbir sosial goraga, pensiýa eýe bolardyk”.

Öňüni alyş çäreleriň arasynda häkimiýetler ten satmak bilen meşgullanýan ýaş gyzlar üçin ýörite mekdep açyp, olaryň orta bilimli bolmagyna we hünär öwrenmegine mümkinçilik döretmek meselesine garaýarlar.

AÝ/AR-nyň Täjik gullugynyň ýakynda öz saýtynda ýerleşdiren tenini satýan zenan ”Ranonyň” wideosyna okyjylaryň reaksiýasy öz wagtynda jemgyýetde gadagan hasaplanan meseläniň açyk çekeleşikleriň temasyna öwrülendigini görkezdi.

"Birini aklamak we başgalary ýigrenmek aňsat, emma biziň jemgyýetimizdäki käbir ýazylmadyk düzgünler ten satmaklygy ýazgarýar” diýip, Duşenbeden Şahrwand ýazýar.

Elbetde, bu meselede başgaça garaýyşly okyjylar hem bar.

“Täjigistanda ten satmaklygy kanunlaşdyrmakdan hudaý saklasyn” diýip, Hisor welaýatyndan Faiziddin öz pikirini beýan edýär.
XS
SM
MD
LG