Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: “Gelniň däl, daýzaň bolaýyn”


Çehiýa. Disko gyzlary. (Shutterstock)
Çehiýa. Disko gyzlary. (Shutterstock)
Halk içinden toplanan henekler

Bagtyň manysy

Iki ülpet köçede sataşýar. Biri beýlekisinden “Öýlendiňmi?” diýip soraýar. Sowal berlen:

-Ýok, öňki gulluk, öňki dulluk. Günüm kyn, ine, öýe bararyn, agşamlyk atararyn. Ol bişýänçä kir ýuwaryn, öýi syryp-supürerin. Sen durmuşyň ajy-süýjüsini has köp gören, üstesine-de maşgalaly adam. Bagtyň manysy näme, şony maňa düşündirsene - diýýär.

Öý-işik bolan ülpedi ahmyrly ýuwdunyp:

- Bagtyň nämedigine öýleneňden soňra düşünersiň, ýöne giç bolar. Ýaňky
diýýän zatlaryňy öz peýwagtyňa etmek bagtdyr - diýipdir.


Ezber dilmaç

Bolşewikler XX asyryň 20-nji ýyllarynyň aýagyna adamlaryň şahsy emläginiň
hasabyna kolhozlary (kollektiw-köpçülik eýeçiligi) döredýär. Onuň yzysüre
sowhozlary (sowet-döwlet eýeçiligi) döredip başlaýar.

Eýeçiligiň bu görnüşine düşünýän ýerli kadrlar az bolansoň, sowhoz direktorlygyna işi bilýän, emma milleti saýry adamlar bellenipdir. Ýöne olaryň köpüsi türkmençä az-kem düşünse-de, türkmençe gowy gepläp bilmeýän eken.

Bir gezek şeýle sowhoz direktory gum içindäki oba gelýär. Şondan birküç gün ozal sowhozyň bir düýesi ýiten eken. Düýe çopanlary şäherde işläp gelen, “Rus dilini suwara bilýän” diýip öwünýän obadaşlaryndan ýagdaýy direktora aýtmagy haýyş edýär. Ol:

- Täbäriş-ýoldaş direktor, çopanlar “Birküç gün ozal bir düýe depeden aşdy” gowarit. “Şol düýe ýitdi” gowarit - diýip, bolan ýagdaýy rusça “dürs terjime” edipdir.

Direktor özüni bu gürrüňe “dürs düşünen” adam edip görkezjek bolup, “Ýakşi (ýagşy), düýe ýakşi” diýip, “dilmaja” minnetdarlyk bildiripdir.

“Gelniň däl, daýzaň bolaýyn”

Aşyk ýigit “Birek-biregi tanarça bolduk.Toý tutaly! Daýym “Ýegen, sähediňi belle, uly toý tutmak, toýdan soňra saňa jaý satyn alyp bermek meň boýnuma” diýýär. Daýym
sözünde tapylar. Ol tütjar baý, kem zady ýok. Bir kemi geçen ýyl daýzam aradan
çykdy, ol dul” diýip, halaýan gyzyna ýalbar-ýakar edýär.

Gyz birsellem oýurganyp dymýar. Soňra-da:

- Sen oňat oglan, ýone menden üç aý ýaşkiçi. Özüňden ýaşkiçä durmuşa çykmak,
birhili, gelşiksiz görülýär. Gowusy, daýyňy dulluk derdinden dyndaryp, saňa daýza bolaýyn - diýipdir.

Il içinden çöplän, taraşlan Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG