Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Poroşenko bütewülige çagyrýar


Ukrainanyň täze prezidenti Petro Poroşenko Kiýewde, ukrain parlamentinde guralan inagurasiýa dabarsynda prezidentlige resmi taýdan başlamak barada kasam kabul etdi.

Ol şondan soň bada-bat ýygnananlara ýüzlenip, Ukraina parahatçylygyň, howpsuzlygyň we bitewiligiň zerurdygyny nygtady.

Poroşenko özüniň basym gündogar Ukraina parahatçylyk, häkimiýeti merkezsizleşdirmek we bu sebitde rus dilini erkin ulanmak kepilligini berýän proýekt bilen sapar etjegini aýtdy.

Şeýle-de ol Donbasda ýerli saýlawlaryň geçirilmegine çagyrmak isleýändigini aýtdy. Emma ol Ukraina hemişe unitar, birleşdiriji döwlet bolar we federallaşma ýol berilmez diýdi.

Poroşenko gozgalaňçylary ýaraglaryny taşlamaga çagyrdy, elini gana bulamadyklara amnistiýa, günä geçiş teklip etdi we hakyna tutulanlara ýurdy terk etmek üçin şert, koridor döretmek kepilligini berjegini aýtdy.

Şeýle-de ol Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegini ýazgardy, ol bu ýeriň ukrain topragy bolandygyny we ýene şeýle boljakdygyny aýtdy.

Poroşenko ukrain raýatlarynyň, Orsýet bilen gatnaşyklar kadalaşdyrylýança, özlerini howpsuz duýmajakdyklaryny belledi.

Wideo: Poroşenko prezidentlige kasam kabul edýär

Ukrainanyň Ýewropa babatdaky arzuw-islegleri barada durup, Poroşenko özüniň basym Ýewropa Bileleşiginiň assosiasiýa şertnamasynyň ykdysady bölegine gol çekmegi niýet edinýändigini we muňa ahyrynda Ýewropa Bileleşigine doly agza bolmaga tarap ädilen ilkinji ädim hökmünde garaýandygyny aýtdy.

7-nji iýundaky inagurasiýa dabarasyna gatnaşanlaryň arasynda Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden, Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Orsýetiň Kiýewdäki ynanylan wekili hem boldy.

Poroşenko hökümetine garşy üç aýa çeken halk protestlerinden soň Kiýewden gaçan we fewral aýynda parlament tarapyndan işden gyrakladylan prezident Wiktor Ýanukowiçiň ýerine prezident boldy.

Kiýewde bolan kasam kabul ediş dabarasyndan birnäçe sagat öň hem ukrain hökümetiniň güýçleri ýurduň gündogaryndaky Slowýansk we Donetsk şäherleriniň golaýynda orsýetçi separatistlere garşy söweşi dowam etdirýärdiler.

Inagurasiýa dabarasy Poroşenkonyň Fransiýada, Normandiýa goşun salynmagynyň 70 ýyllygynyň bellenýän mahalynda rus prezidenti Wladimir Putin bilen gysga wagtlyk näresmi duşuşygynyň yz ýanyna gabat geldi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG