Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Iordaniýaly hukuk başlygy bolýar


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Iordaniýanyň BMG-däki ilçisini BMG-niň Adam hukuklary komissiýasynyň başlyklygyna hödürledi.

Ban Ki-munuň edarasy 6-njy iýunda şazada Zeid Ra’ad Zeid al Husseiniň – uzak wagtlyk diplomatyň we BMG-niň ozalky parahatçylyk goraýjysynyň Nawi Pillaýyň ornuna hödürlenýändigini yglan etdi.

Nawi Pillaý bu wezipedäki möhletini sentýabrda tamamlaýar. Şazada Zeid ozal Iordaniýanyň BMG-däki, ABŞ-daky, Meksikadaky ilçisi wezipelerinde işledi.

Şeýle-de ol ozalky Ýugoslawiýada, Balkan konflikti döwründe BMG-niň parahatçylyk goraýjy missiýasynda syýasy meseleler boýunça ofiser bolup işledi.

BMG-niň diplomatlary Zeidiň BMG-niň 193 agzaly Assambleýasynda tassyklanmagyna garaşýandyklaryny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG