Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Raýatyň tutulany çyn


Birleşen Ştatlar Demirgazyk Koreýanyň amerikan raýatyny tussag edendigini tassyk etdi.

Bu kommunist döwlet tarapyndan häzirki günde tutulyp saklanylýan üçünji amerikan raýaty bolýar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsi Mariýe Harf 6-njy iýunda žurnalistlere tussag edilen amerikalynyň adyny hususy sebäpler esasynda tassyklap bilmejegini aýtdy.

Harf Waşingtonyň üç tussagy hem azat etmegiň çäresini agtarýandygyny aýtdy.

Demirgazyk Koreýanyň döwlet habar gullugy tutulan amerikalynyň syýahatçy Jeffrey Edward Fowledigini, onuň duşmançylykly hereketleri üçin soraga çekilendigini aýtdy.

Ýapon habar gullugy Kyodo onuň maý aýynda, myhmanhanada Iňžili galdyryp gaýdandan soň tutulandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG